Apple Hytaýyň Foxconn zawodyndaky nägilelikler sebäpli 6 mln iPhone Pro ýitirip biler

  • 29.11.2022 16:46
  • 17k+

Apple kompaniýasynyň Hytaýyň Çžençžou şäherindäki zawodynda bolup geçýän nägilelikler 2022-nji ýylda 6 mln iPhone Pro-nyň kem bolmagyna getirer. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, incrussia.ru habar berýär.

Habar berlişi ýaly, Foxconn zawodyndaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak heniz başardanok, şonuň üçin ýitgi hasaby üýtgäp biler. Köp zat fabrikany dolandyryjy taýwan kompaniýasynyň adamlary gurnama konweýerlerine gaýdyp gelmäge ynandyryp biljekdigine baglydyr.
Foxconn zawodyndaky köpçülikleýin nägilelikler 23-nji noýabrda başlandy. Işgärler kärhanada girizilen berk koronawirus çäklendirmelerine garşy çykdylar. Netijede, Foxconn ähli isleg bildirýänlere 1,4 müň dollar kompensasiýa bilen işden çykmagy teklip etdi.
Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, 20 müňden gowrak adam zawody terk etdi. Onda jemi 200 müň işgär işleýär. Soňrak Foxconn zawodda dekabr-ýanwar aýlarynda galýan işgärlere 1,8 müň dollar möçberinde goşmaça bonus teklip etdi.
Çžençžoudaky zawod Apple kompaniýasynyň 2022-nji ýylda has islegli bolan iPhone 14 Pro we Pro Max smartfonlarynyň aglabasyny öndürýär. Bu smartfonlar esasy iPhone 14 modeline islegiň gaçmagynyň öwezini doldular.


düýn 11:17
4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....