«Awatar 2» — Golliwudyň taryhynda iň gymmat filmleriň biri

  • 29.11.2022 16:39
  • 14k+

The Hollywood Reporter-iň çeşmelerine görä, "Awatar: Suwuň ýoly" filminiň býujeti 350-400 mln dollardan ybarat. Şeýlelikde, film Golliwudyň taryhynda, hatda puluň hümmetiniň gaçandygyny hasaba alaňda-da, iň gymmat filmleriň biri boldy.

Şeýle-de, 2009-njy ýylyň "Awatarynyň" göwrümli sikweliniň Hytaýda görkeziljekdigi belli boldy — Hytaýda filmiň birinji görkezilişi 16-njy dekabrda geçer. "Suwuň ýoly" - hytaý prokatyna çykjak häzirki zaman golliwud taslamalarynyň az sanlylarynyň biri bolar.   
Ikinji "Awataryň" Hytaýda köp pul toplamaga ähli mümkinçiligi bar. Birinji bölüme hytaý tomaşaçylary 261,8 mln dollar getirdi. Bu taryhda iň girdejili film - eger puluň hümmetiniň gaçmagyny we kinoteatrlarda filmiň gaýtalap goýberilmegini hasap etmeseň, başdangeçirme dünýä prokatynda 2,92 mlrd dollar jemledi.
«Awatar: Suwuň ýolynyň» ilkinji görkezilişi 16-njy dekabra bellendi.

16.04.2026 22:53
1.7k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.4k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....