«Awatar 2: Suwuň ýoly» 2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykar

  • 25.11.2022 23:52
  • 7.8k+

20th Century Pictures «Awatar 2: Suwuň ýoly» (Avatar: The Way of Water) filminiň üstünde işlemekligiň resmi taýdan tamamlanandygyny resmi görnüşde mälim etdi. Film prokata 16-njy dekabrda çykar.

Mundan  başga-da, kompaniýa soňky treýlerini we mahabat posterini goýberdi. Mälim bolşy ýaly, bu filmiň sýužeti hemişekisi ýaly Pandora saýýarynda we Na'wi halkynda jemlenendir. Baş gahrymanlary – Jeýk bilen Neýtiriniň maşgalasy. Wakalar birinji filmiň sýužeti tamamlanandan 14 ýyl geçensoň ýaýbaňlanýar.
Filmdäki täze keşpleri Keýt Uinslet we Mişel Ýeo ýerine ýetiripdir, şol bir wagtda Sem Uortington, Zoi Saldana, Sigurni Uiwer we beýleki aktýorlar filme täzeden gaýdyp gelipdirler. Bu filmde esasy üns suwasty sahnalara berilýär. Owadan suwasty dünýäni döretmek üçin, ençeme tehniki kynçylyklary ýeňip geçip, suwastynda esli zatlary surata düşürmeli boldy diýip, režissýor Jeýms Kemeron gürrüň berýär.
Aglaba tehnologiýalar we 3D hakynda gürrüň berýän geçen gezekki filmden tapawutlylykda, sikwel esasan gahrymanlary we emosiýalary köpräk beýan eder. Kemeron şeýle diýýär: “Biziň maksadymyz – emosional esasda adatdan daşary ynandyryjy bir taryhy gürrrüň bermek”.
Myş-myşlara görä, “Awatar 2”-ni çykarmak 250 million dollara düşüpdir. Ýöne Jeýms Kemeron “Awatar 2”-niň kinonyň taryhynda iň erbet taslama bolandygyny aýdýar. Çykdajysynyň öwezini dolmak üçin oňa ABŞ-da azyndan 800 mln dollar we tutuş dünýä boýunça 2 mlrd dollar ýygnamak gerek bolar.
Eger film prokatda özüni erbet görkezse, onda “Awatar 3” seriýanyň soňkusy bolar. Eger ol meşhurlyk gazansa welin, onda “Awatar 4” bilen “Awatar 5” hem çykar.
Birinji “Awatar” baryp-ha 2009-njy ýylda çykypdy we taryhda iň girdejili filmleriniň biri bolupdy.

şu gün 20:58
145

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

şu gün 19:11
963

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

şu gün 19:04
1.4k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......