Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 29.11.2022 16:11
  • 14k+

Seulda resmi iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerine uly gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň metbugat beýanynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda ummasyz tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanyň we ösen tehnologiýalara eýe bolan Koreýa Respublikasynyň dürli ugurlarda biri-biriniň mümkinçilikleriniň bir bitewi ulgama meňzeýändigi barada nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň kompaniýalarynyň ýurduň esasy energiýa we infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagyny dowam etdirip, hyzmatdaşlyk etmegini has hem giňeltjekdigine umyt bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň döwlet baştutanyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky hatyny gowşurdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......