Germaniýa telefon öýjagazlary bilen hoşlaşýar

  • 27.11.2022 17:18
  • 21k+

Germaniýanyň Deutsche Telekom tellekommunikasiýa kompaniýasy 142 ýyl ulanyşdan soň ýurtda taksofonlaryň ulanylyş döwrüniň tamamlanýandygyny mälim etdi.

Häzirki wagtda ýurtda 12 müň taksofon henizem işleýär, ýöne olarda nagt töleg ulgamy ýatyryldy we adamlar olary diňe telefon kartynyň kömegi bilen ulanyp bilýärler. Ýöne bu funksiýa hem 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda işlemegini bes eder. Bu barada euro-pulse.ru habar berýär.
Öýjagazlary doly söküp aýyrmak işlerini 2025-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýurtda diňe 3 müň öýjagaz galdyrylyp, olar hem mobil gurşawyny güýçlendirmek üçin öýjükli aragatnaşyk wyşkalaryna öwrüler. Söküp aýrylan öýjagazlar muzeýlere we hususy kolleksionerlere satylar.
Germaniýada ilkinji “telefon kiosky” 1881-nji ýylda Berlinde açyldy. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda taksofonlar giňden ýaýrady we şol wagt ýurtda 160 müň töweregi telefon öýjagazy bardy.
2015-nji ýylda taksofon döwri Belgiýada, 2017-nji ýylda Daniýada tamamlandy.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......