Mask bilen Obama Katardaky dünýä çempionatynyň myhmanlary bolmagy mümkin

  • 25.11.2022 12:57
  • 23k+

Katardaky dünýä çempionatynyň guramaçylary futbol turniriniň myhmanlary hökmünde Ilon Masky we Barak Obamany garşylamaga taýýarlyk görýärler. Bu barada TASS agentligine gizlinligi saklamak şerti bilen, penşenbe güni Dohanyň myhmanhanalarynyň biriniň işgärleri gürrüň berdiler.

"Myhmanhanamyzda  Maskyň, Obamanyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gelmegine garaşýarys. Şeýle derejeli myhmanlary garşylamaga entek dünýä çempionaty başlamanka taýýarlyk görlüp başlandy. Hemmesine stadionlaryň wip-ložasyna geçmek üçin "altyn" propusklar we myhmanhanada iň oňat otaglar taýýarlanyldy" - diýip, otelde habar berdiler.

Mask dünýäniň iň baý adamy hasaplanýar, onuň baýlygy 169,8 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar. Obama 2009-2017-nji ýyllarda ABŞ-yň prezidenti bolupdy. ABŞ-nyň ýygyndysy Eýranyň, Uelsiň we Angliýanyň ýygyndylary bilen bir toparda oýnaýar. Birinji tapgyrda ABŞ Uels bilen deňme-deň oýnadylar — 1:1.


11.03.2026 20:11
9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

12.02.2026 23:21
3.1k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...