Xiaomi smartfonlara islegiň peselmegi netijesinde çärýekde ýitgi çekdi

  • 24.11.2022 15:53
  • 7.4k+

2022-nji ýylyň III çärýeginde Hytaýyň elektronika öndürijisi Xiaomi Corp. dünýäde smartfonlara bolan islegiň gowşamagy netijesinde arassa ýitgi aldy we girdejisini tas 10% azaltdy.

Hasabat çärýeginde kompaniýanyň arassa ýitgisi bir ýyl ozalky 788,6 mln ýuan möçberindäki arassa girdeji bilen deňeşdirilende, 1,47 mlrd ýuan ($206,8 mln) boldy. Bloomberg tarapyndan sorag edilen analitikler 1,85 mlrd ýuan möçberinde arassa girdejiniň bolmagyna garaşypdylar.
Kompaniýa bu ýitgini maýa goýum ýitgileri bilen baglanyşykly, takmynan, 3 mlrd ýuanyň hasapdan aýrylmagy bilen düşündirdi. Onuň girdejisi 78,06 mlrd ýuandan 70,47 mlrd ýuana çenli azaldy. Smartfon satuwyndan gelýän girdeji 47,82 mlrd ýuandan 42,51 mlrd ýuana çenli peseldi.
Zatlaryň interneti we durmuş elektronikasy segmentinde girdeji geçen çärýek 9% - 19,06 mlrd ýuana çenli azaldy. Kompaniýanyň internet hyzmatlaryndan alýan girdejisi 3,7% azalyp, 7,07 mlrd ýuana ýetdi.
Ýylyň başyndan bäri Xiaomi-niň bazar kapitallaşdyrmasy 48,2% - 249,54 mlrd Gonkong dollaryna çenli ($31,93 mlrd) peseldi.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...

23.01.2026 15:56
3.8k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...