DÇ — 2022: Germaniýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan ýeňildi

  • 24.11.2022 00:31
  • 8.5k+

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ýaponiýadan 1:2 hasapda ýeňildiler.

Dohada geçirilen duşuşygyň 33-nji minudynda Ilkaý Gündogan 11 metrlik jerime urgusyny gazanyň, Germaniýany öňe çykardy. 75-nji minutda ýaponiýaly Risu Doan hasaby deňledi, 83-nji minutda bolsa Takuma Asano nemesleriň derwezesine ikinji pökgini girizdi.
Germaniýa E topada çykyş edýär. Bu toparda Ispaniýa bilen Kosta-Rika hem bar. Öz gezeginde, Ispaniýa 7:0 hasabynda Kosta-Rikadan üstün çykdy. Indiki duşuşykda Germaniýa Ispaniýa bilen, Ýaponiýa bolsa, Kosta-Rika bilen duşuşar. Eger-de, ýaponiýalylar üstün çykyp, Germaniýa hem Ispaniýadan ýeňiläýse, onda nemesleriň dünýä çempionatyndaky çykyşy üçünji oýnuň netijelerine garamazdan tamamlanyp biler.


düýn 12:17
3.1k+

Ýewropa ligasynyň 1/4 finaly: «Fraýburg» we «Aston Willa» ýarym finala bir ädim golaýlady

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi....

08.04.2026 18:50
6.3k+

80 ýaşynda meşhur rumyn tälimçisi Mirça Luçesku aradan çykdy

7-nji aprelde Buharestde meşhur rumyn futbol tälimçisi Mirça Luçesku 80 ýaşynda dünýäden ötdi. Bu barada Antena 3 CNN telekanaly habar berdi....

08.04.2026 12:31
7k+

«Bawariýa» soňky 10 oýunda ilkinji gezek «Realy» utdy, Hawers bolsa «Arsenala» ýeňiş getirdi

8-nji aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji iki duşuşygy geçirildi....

06.04.2026 12:05
4.1k+

«PSW» möhletinden ir bassyr üçünji gezek Niderlandlaryň çempiony boldy

Eýndhoweniň «PSW» topary bassyr üçünji gezek futbol boýunça Niderlandlaryň çempionatynyň ýeňijisi boldy. 29-njy tapgyrda «PSW» topary «Utrehti» 4:3 hasabynda utdy. Şol bir wagtyň özünde, «Feýenoord» topary......