DÇ — 2022: Germaniýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan ýeňildi

  • 24.11.2022 00:31
  • 8.4k+

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ýaponiýadan 1:2 hasapda ýeňildiler.

Dohada geçirilen duşuşygyň 33-nji minudynda Ilkaý Gündogan 11 metrlik jerime urgusyny gazanyň, Germaniýany öňe çykardy. 75-nji minutda ýaponiýaly Risu Doan hasaby deňledi, 83-nji minutda bolsa Takuma Asano nemesleriň derwezesine ikinji pökgini girizdi.
Germaniýa E topada çykyş edýär. Bu toparda Ispaniýa bilen Kosta-Rika hem bar. Öz gezeginde, Ispaniýa 7:0 hasabynda Kosta-Rikadan üstün çykdy. Indiki duşuşykda Germaniýa Ispaniýa bilen, Ýaponiýa bolsa, Kosta-Rika bilen duşuşar. Eger-de, ýaponiýalylar üstün çykyp, Germaniýa hem Ispaniýadan ýeňiläýse, onda nemesleriň dünýä çempionatyndaky çykyşy üçünji oýnuň netijelerine garamazdan tamamlanyp biler.


şu gün 13:21
1.5k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

şu gün 10:25
2k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi...

şu gün 10:04
985

«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)...

şu gün 09:58
1.9k+

Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi...