Gyrgyzystanda sanly resminamalara geçip başlanar

  • 23.11.2022 23:44
  • 5.4k+

Gyrgyzystanlylar üçin pasport, sürüjilik şahadatnamasy, awtoulag serişdesini hasaba alyş şahadatnamasy (tehpasport) ýaly resminamalar indi “Tunduk” döwlet hyzmatlary mobil goşundysynda elýeterli bolar. Bu barada MIR24 habar berýär.

“Men bu resminamany tassyklap ýa-da görüp bilerin, muňa garamazdan, ony hiç bir kişä iberip ýa-da geçirip bilmerin. Resminama goragly bolar, ýagny QR kod arkaly öz resminamasyny iberen raýatyň onuň başga ýere düşüp bilmejekdigine ynamy bolar” diýip, “Tunduk” döwlet kärhanasynyň direktory Çyngyz Amanatow düşündirýär.

Resminamanyň sanly görnüşi onuň asyl nusgasy ýaly güýje eýe bolar. Goşundydan peýdalanmak üçin raýatlara hyzmat ediş merkezleriniň islendiginden bulutlaýyn elektron abuna almak hem-de goşundyny öz smartfonyna ýüklemek gerek bolar. Döwlet işgärleri resminamanyň hakykylygyny planşetleriň kömegi bilen QR kod arkaly barlap bilerler.
Gyrgystanlylar bu hyzmatdan ýene bir aýdan peýdalanmaga başlarlar. Şonda elektron resminamalary ykrar etmek hakynda Kanun resmi taýdan güýje girer.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...