Saudly janköýer dünýä çempionatyny görmek üçin pyýadalap 1600 km ýol geçdi

  • 23.11.2022 12:23
  • 21k+

Saud Arabystanynyň ýaşaýjysy Abdalla al-Salmi futbol boýunça dünýä çempionatyny görmek arzuwyna ýetmegiň hatyrasyna pyýadalap 1600 km ýol geçdi. Ol dogduk şäheri Jiddadan çykyp, Kataryň paýtagty Doha çenli aralygy ýöräp geçipdir diýip, BBC News agentligi habar berýär. Ýaýlymyň žurnalistleriniň berýän maglumatyna görä, Abdalla al-Salmi 55 günläp ýöräpdir. Janköýeriň özi bu syýahatyň özüne ýeňil düşmändigini, ýöne köseneniňe degýändigini gürrüň berýär.

«Men mydama şu çempionaty görmegiň arzuwyndadym, ýöne her gezek gidip bilmän galýardym, sebäbi ol örän uzakda, bir görseň GAR-da, bir görseň Braziliýada, bir görseňem Russiýada geçýärdi. Ýöne men arap bolup, arap ýurdunda geçýän birinji dünýä çempionatyny göräýmelidim, bu meniň üçin uly buýsanç» — diýip, janköýer Abdalla al-Salmi BBC bilen gürrüňdeşlikde pikir-duýgularyny paýlaşdy.

Al-Salmi bu syýahatyň diňe bir kyn bolman, hatda wagtal-wagtal howply hem bolandygyny gürrüň berýär. Ysgyndan gaçyrýan epgege çydap, gum alaňlaryny aşmaly we ýabany haýwanlardan goranmaly bolandygyny aýdýar: «Käte golaýymda özüm bilen deň ýöräp barýan möjegi görýärdim». Çempionata pyýadalap barmagy Abdallany Doha meşhur etdi. Indi ony köçede-de tanap, adamlar meşhur adam hökmünde ondan özleri bilen surata düşmegini haýyş edýärler.
Al-Salminiň bu yhlasy ýerine düşdi diýsegem bolsa, çünki 22-nji noýabrda Saud Arabystanynyň ýygyndysy toparlaýyn tapgyryň birinji oýnunda güýçli hasaplanýan Argentinany 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......