Katardaky dünýä çempionatynyň oýunlary üçin üç milliona golaý petek satyldy

  • 23.11.2022 09:00
  • 9.7k+

Katarda geçirilýän 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlary üçin 3 milliona golaý petek satyldy diýip, Frans Press agentligi Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) wekiline salgylanyp habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Ýekşenbe gününe çenli 2,95 mln petek satyldy. Bu 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda satylanlardan 550 müň petek köpdür. Bellenilişi ýaly, petekleriň köpüsi Kataryň, Saud Arabystanynyň, ABŞ-nyň, Meksikanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Argentinanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň we Braziliýanyň raýatlary tarapyndan satyn alyndy.
Dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçirilýär. FIFA ýaryşyň dört ýyllyk döwri üçin 7,5 mlrd dollar möçberinde girdeji gazanmaga garaşýar.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....