Werstappen “Formula-1-den” haçan gidip biljekdigini aýtdy

  • 23.11.2022 08:37
  • 3.5k+

«Formula-1-iň» häzirki çempiony, “Red Bull” toparyndan Maks Werstappen topar bilen häzirki şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň çempionaty terk edip biljekdigini aýtdy. Mart aýynda Werstappen “Red Bull” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Ol häzir 25 ýaşynda diýip, rsport.ria.ru belleýär.

“Ähtimal, meniň geljek kararym 2028-nji ýylda bäsdeşlige näderejede ukyply boljakdygymyza bagly bolar. Meniň heniz wagtym bar. Men häzir düýpli karara gelmek islämok” – diýip, “Sky Sports” Werstappeniň sözlerini getirýär.

“Men başga işler bilen meşgullanmak isleýärin. “Formula-1” ajaýyp, men köp zat gazandym we örän bagtly, men muňa buýsanýaryn, ýöne bu ýaryşlar diýseň köp. Ahyrynda bolsa nämäniň möhümdigi barada karara gelmeli bolýar: maşgalamy ýa-da “Formula-1”” – diýip, türgen sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýatlap geçsek, ýekşenbe güni Werstappen Abu-Dabiniň Gran-prisinde ýeňiji bolup, karýerasynda 35-nji we möwsümde 15-nji ýeňşini gazandy. Ol heniz oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Gran-prisiniň netijesinde özi üçin bassyr ikinji çempion titulyny üpjün edipdi.


düýn 07:51
3.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....