Türkmenistanda Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly dörediler

  • 19.11.2022 09:10
  • 8.1k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer N.Amannepesowyň Hökümet mejlisinde habar berşi ýaly, bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutany täze elektron neşiriň döredilmeginiň wajypdygyny we derwaýysdygyny belläp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini nygtady.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......