18-nji noýabrda Aşgabatda kitap ýarmarkasy geçiriler

  • 17.11.2022 20:53
  • 7.7k+

Her ýylyň 20-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni bellenilip geçilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1954-nji ýylda esaslandyrylypdy.

Näme üçin 20-nji noýabrda?
1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Çaga hukuklarynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa, Çaga hukuklary hakynda Konwensiýa kabul edildi. Bu sene çaga hukuklaryny goramak ulgamynda binýatlyk resminamalaryň kabul edilen güni hökmünde bellenilip geçilýär.

Türkmenistan hem bu senäni baýram edýär
Türkmenistanda hem çagalaryň hukuklaryny goramak, olara hemaýat bermek, olary oňyn hereketlere höweslendirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, 18-nji noýabrda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda «Kitap ýarmarkasy» geçiriler.


Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gurnamagynda geçirilýän kitap ýarmarkasy sagat 15:00-da açylar. Ýarmarkada Mahabat müdirliginiň neşir önümleri, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň çagalar üçin kitaplary, «Älem», «ReadIt» kitap dükanynyň, Gujurly book store-yň, Kök desing HK-nyň we «Belent Akaba» HJ-niň önümleri hödürleniler.
«Defakto» egin-eşik brendiniň hemaýatkärliginde guraljak çärede gurjak teatrynyň gahrymanlary we sirk oýunlaryny görkeziler. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde «Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň çagalar meýdançasyndaky oýun meýdança hemme körpelere tölegsiz hyzmat eder.

Giňişleýin maglumat üçin şu salgydan peýdalanyp bilersiňiz.
Kitap ýarmarkasynda Sizi hoş gördük!

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......