Donald Tramp 2024-nji ýylyň prezident saýlawlaryna gatnaşar

  • 16.11.2022 23:05
  • 14k+

ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna ýene dalaşgärligini hödürlejekdigini aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Şu gün men Birleşen Ştatlaryň prezident wezipesine dalaşgärligimi hödürleýändigimi mälim edýärin” – diýmek bilen, ol Florida ştatynda öz tarapdarlaryna ýüzlendi.

Tramp “Amerikany ýene-de beýik we öňdebaryjy etmek” üçin şeýle karara gelendigini sözüniň üstüne goşdy. “Men siziň ses bermegiňizi, goldaw bermegiňizi, dost bolup, dileg etmegiňizi haýyş edýärin. Bu örän täsin, ýöne howply başdan geçirme bolar” – diýip, Tramp belledi.
Belläp geçsek, çykyşyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Federal saýlaw komissiýasynyň saýtynda Trampyň 2024-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda Birleşen Ştatlaryň prezident wezipesine dalaşgär bolmak üçin arza berendigini görkezýän ilkinji resminama peýda boldy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem 9-njy noýabrda 2024-nji ýylda döwlet baştutany wezipesine gaýtadan saýlanmak üçin göreşmegi meýilleşdirýändigini, ýöne diňe indiki ýylyň başynda gutarnykly karara geljekdigini aýtdy.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......