Ugandanyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 16.11.2022 08:32
  • 12k+

15-nji noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä milli döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlary barada habar berildi. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhman ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, halkymyzyň rowaçlygyny, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini özüne maksat edinýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de duşuşykda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi barada söhbet edildi. Şunda parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.
Diplomat öz ýurdunyň söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......