Türkmen samboçylary dünýä çempionatynyň jemleýji gününde ýene 3 medal gazandylar

  • 13.11.2022 21:41
  • 18k+

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji gününde —13-nji noýabrda türkmen samboçylary 1 kümüş we 2 sany bürünç medal gazandylar. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, Begenç Baltaýew (79 kg agrama çenli) kümüş medala, Guwanç Begalyýew (98 kg agrama çenli) bürünç medala we Babajan Ibadullaýew (98+ kg agram derejesinde) bürünç medala mynasyp boldy.


Belläp geçsek, sambo boýunça dünýä çempionatynyň birinji gününde türkmen türgeni Muhammet Kössekow 64 kg agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Ýaryşyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bürünç medallarynyň ikisini gazandylar. Bu medallara Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedow (98 kg-dan gowrak) mynasyp bolmaga başardylar.
Umumylykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy sambo boýunça dünýä çempionatynda 1 sany altyn, 1 sany kümüş, we 4 sany bürünç medal gazandylar.


22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....