TDG-de 2023-nji ýyl Türki medeniýetiň ösüş ýyly diýlip yglan edildi

  • 13.11.2022 20:47
  • 5.8k+

Türki döwletleriň guramasynda 2023-nji ýyl “Türki siwilizasiýanyň ösüş ýyly” diýlip yglan edildi. Bu barada Samarkantda geçirilen TDG-niň sammitinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew aýtdy diýip, forbes.kz belleýär.

Özbegistanyň lideri gurama gatnaşyjy döwletleriň gadymy türki siwilizasiýanyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamagyň, öwrenmegiň we nesillere geçirmegiň möhümdigini nygtady.

“Türki dünýäsiniň haýran galdyryjy beýik taryhy, beýik ata-babalary we hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak baýlygy bar. Men türki dünýäsine beýik geljegiň garaşýandygyna ynanýaryn. Biz bu geljegi zähmetsöýer, ak ýürekli we pähimli halkymyz bilen bilelikde gurarys” – diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

Ol gadymy şäher Samarkantda geçirilen sammitiň häzirkizaman taryhynda türki dünýäsiniň siwilizasiýasynyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy boljakdygyny belledi.

“Men Guramamyzda 2023-nji ýyly Türki siwilizasiýanyň ösüş ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibiň goldanandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin” – diýip, Şawkat Mirziýoýew sözüni jemledi.


11.12.2024 07:56
1.9k+

Parižde “Diwany lugat et-türk” eseriniň 950 ýyllygy mynasybetli halkara konferensiýa geçiriler

13-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda “Diwany lugat et-türk” (“Türki dilleriň sözlügi”) eseriniň 950 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçiriler. Meşhur sözlük alym, filosof Mahmyt Kaşgarly...

13.09.2024 16:01
9.8k+

Bakuwda 34 harpdan ybarat bir umumy türki elipbiýi ara alnyp maslahatlaşyldy

9 – 11-nji sentýabrda Bakuwda bir umumy türki elipbiýini işläp taýýarlamak boýunça komissiýanyň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlis Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany we Türkiýäni birleşdirýän Türki akademiýasy...

15.07.2024 14:31
3.6k+

Türkmen multiplikatorlary Bakuda geçiriljek ANIMAFILM festiwalyna çagyryldy

Türkmen animasion studiýalary 2024-nji ýylyň 2-6-njy oktýabrynda Bakuda geçiriljek ANIMAFILM 7-nji Halkara animasion festiwalyna çakylyk aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa...

14.10.2023 17:11
8.9k+

Türkestan 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlandy

Türkestanda (Gazagystan) geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň syýahatçylyk ministrleriniň sekizinji duşuşygynda Türkestany 2024-nji ýyl üçin türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlamak kararyna...