UFC-niň öňki çempiony Makgregor “Liwerpuly” satyn almak isleýär

  • 13.11.2022 12:15
  • 31k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor özüniň Twitter akkauntynda Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubyny satyn almak islegi barada aýtdy. 7-nji noýabrda 2010-njy ýyldan bäri “Liwerpula” eýeçilik edýän Fenway Sports Group (FSG) kompaniýasy topary satyn almaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalaryna garamaga taýýardygyny we “eger klub hökmünde “Liwerpulyň” bähbidine bolsa, täze maýadarlary” hem göz öňünde tutjakdygyny aýtdy. Bu barada forbes.kz belleýär.

“Uly höwes bilen! Men “Liwerpulyň” satuwy barada maglumat soradym, hawa. Habary eşiden badyma. Nähili waka öwrümi! Nähili klub!” – diýip, Makgregor Twitterde ýazdy.

“Forbesiň” maglumatlaryna görä, “Liwerpulyň” bahasy 4,45 mlrd dollara barabar. “The New York Times-iň” habar bermegi boýunça, 2010-njy ýylda FSG “Liwerpuly” 475 mln dollara satyn aldy. “Liwerpuldan” başga-da, kompaniýa Boston Red Sox beýsbol kompaniýasy, MHL-iň Pittsburgh Penguins hokkeý klubunyň gözegçilik bukjasy we NESN teleulgamy degişlidir.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......