Oktýabrda dünýäde nebitgaz buraw desgalarynyň sany yzygider alty aýlap köpeldi

  • 12.11.2022 08:25
  • 7k+

Oktýabr aýynda dünýäde işledilýän nebit-gaz buraw desgalarynyň sany alty aýyň jemi boýunça yzygider köpeldi we 2020-nji ýylyň martyndan bäri — iki ýyldanam gowrak wagtyň içinde aňrybaş mukdara ýetdi. Muňa Amerikanyň Baker Hughes nebithyzmat kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Sentýabr aýyndaky 1853 gurluşyň deregine, geçen aý dünýäde ortaça 1859 gurluş işledi.  Şonda oktýabr aýyndaky dereje 2021-nji ýylyň degişli aýyndaky görkezijiden 389-a galdy.
ABŞ-da geçen aý buraw desgalarynyň sany, sentýabr bilen deňeşdirilende, 5 san artdy we 768 boldy. Kanadada olaryň 3-si köpelip, 214-e ýetdi.
Latyn Amerikasynda geçen aý gurluşlaryň 8-si (188-e çenli, 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri iň köp), Ýewropada 1-i (107-ä çenli), Afrikada 4-si (84-e çenli), Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 1-i (206-a çenli, 2020-nji ýylyň martyndan bäri iň ýokary görkeziji), Ýakyn Gündogarda 18-si (326-a çenli, 2020-nji ýylyň iýunyndan bäri ep-esli san) artdy.
1944-nji ýyldan bäri Baker Hughes hereket edýän buraw gurluşlary hakyndaky maglumatlary çap edýär. Ilkibaşda kompaniýa diňe ABŞ-daky we Kanadadaky maglumatlary çöpleýärdi, 1975-nji ýyldan bäri welin dünýä ýüzi boýunça maglumatlary toplaýar. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......