BMG ýakyn 5 ýylda tebigy betbagtçylyklary öňünden duýdurýan ulgamy durmuşa ornaşdyrar

  • 12.11.2022 08:14
  • 23k+

BMG 2027-nji ýyla çenli, adatdan daşary tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerini biraz ýumşatmak üçin, tebigy betbagtçylyklar hakynda öz wagtynda öňünden duýdurýan ulgamy tutuş dünýäde durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.  Bu barada duşenbe güni BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Şarm-eş-Şeýhde klimat konferensiýasynda çykyş edýärkä aýtdy. 

"Heläkçilikleriň akymy ilatyň iň bir gowşak goragly, klimat nukdaýnazaryndan gyzgyn nokatly ýerlerde ýaşaýan we öňünden habarly edilmäge hiç guraly bolmadyk  böleginiň gapyllykda üstüni basýar " - diýip, Bloomberg agentligi onuň sözlerini getirýär. "Ýetip gelýän howp hakynda 24 sagat öňünden habarly edilmeginiň özüniň ýitgini 30% azaltmaga kömek etjekdigine" - baş sekretar ynanýar.

Guramanyň bu  başlangyç üçin 3,1 mlrd puly gönükdirjekdigi bellenýär. Pikir Bütindünýä meteorologik gurama degişli, ol munda "howanyň gyzmagy bilen ýüze çykýan iň çynlakaý netijeleriň bir toparynyň öňüni almagyň beýlekilere garanda arzan hem ýönekeý usulyny" görýär.  


03.12.2025 10:53
7.2k+

FT: Afrikanyň tokaýlary uglerody siňdirmegi bes edip, parnik gazlaryny çykaryp başladylar

Afrikanyň öň parnik gazlaryny özüne siňdirýän tokaýlary geçen onýyllygyň başynda, tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy sebäpli, CO2 zyňyndylarynyň iň uly çeşmelerinden birine öwrüldi. Bu barada halkara klimaty öwrenýän alymlar toparynyň geçiren barlagyna salgylanýan Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...

24.11.2025 13:51
6.7k+

Alymlar Santorinidäki 25 müňden gowrak ýertitremäniň sebäbini anyklady

Şu ýylyň başynda Santorini grek adasynda köpüsiniň ululygy 5 baldan geçýän onlarça müň ýertitreme bolup geçdi. Indi birnäçe aýdan soň alymlar bu hadysanyň sebäbini anyklady – ol magmanyň, ýagny erän dag jynsynyň ýerasty hereketi boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär...

09.11.2025 20:23
7.5k+

Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy

Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi...

03.09.2025 11:53
5.2k+

Alymlar Atlantika ummanynda mega ýertitremeler zolagyny açdylar

Atlantika ummanynda güýçli ýertitremelerine we sunamilere sebäp bolup biljek tektoniki jaýryklar emele gelýär diýip, Nature Geoscience  žurnalynda çap edilen barlagyň netijesinde aýdylýar. Alymlar Portugaliýanyň litosfera plitalaryndaky belli jaýryklardan uzakda ýerleşýändigini, ýöne bu ýurtda ýertitremeleriniň ençeme gezek hasaba alnandygyny ýatlatdylar...