Şumaheriň çempionlyk Formula-1 ulagy rekord baha satyldy

  • 11.11.2022 13:31
  • 9.4k+

2003-nji ýylda «Formula-1» klasly ulag ýaryşlary boýunça dünýä çempiony bolan nemes türgeni Mihael Şumaheriň Ferrari toparynyň bolidi Sotheby's auksionynda 14,6 mln dollar bahadan satyldy diýip, Forbes habar berýär.

Bu «Patyşalyk çapyşyklarynyň» awtoulagynyň söwdasynyň tutuş taryhynda rekord bahadyr. Geçen gezekki rekordam Şumaheriň ulagyna degişli bolupdy, nemes türgeni şol ulagda 2001-nji ýylda «Patyşalyk çapyşyklarynyň» çempionatynda ýeňiş gazanypdy. Ol 2017-nji ýylda 7,5 mln dollara satylypdy.
Mihael Şumaher — «Formula-1»-iň ýedi gezek çempiony. 2003-nji ýylda ol alty tapgyrda utup, altynjy gezek tituly gazanypdy. Ol şol döwür McLaren üçin çykyş edýän fin çapyjysy Kimi Raýkkonenden bary-ýogy iki utuk ozdurypdy. Şumaher 2003-nji ýylyň dekabrynda fransuz Alplarynda dag lyžasynda typyp ýörkä agyr kelle çanak-beýni şikesini aldy. Ol eňňitden gaçyp, kellesi daşa degdi. Türgen ýarym ýyl Grenobl şäheriniň hassahanasynda medikamentoz komada ýatdy. 2014-nji ýylyň iýunynda «Formula-1»-iň rekordsmeny komadan çykyp, saglygy dikeldiş merkezine geçirildi. 2014-nji ýylyň sentýabryndan bäri ol Şweýsariýadaky öýünde bejergi almagyny dowam edýär. Şumaheriň maşgalasyndakylar we töweregindäki adamlar onuň ýagdaýy barada örän seýrek gürrüň berýärler, saglygynyň tiz wagtda dikeljegine ynamyň ýokdugyny aýdýarlar.


21.09.2025 21:27
9.4k+

Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy...

18.08.2025 08:47
3.2k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady...

05.08.2025 15:14
5k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)...

10.07.2025 20:43
2.3k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...