Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana iş sapary bilen bardy

  • 11.11.2022 11:28
  • 16k+

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine bardy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar berşi ýaly, Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar, türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş terminalynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu ýerde garşy alan özbek wekili bilen gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy. Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, hormatly Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammitinde çykyş eder hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklygynda geçiriljek sammite gatnaşmak üçin gurama agza döwletleriň Liderleri — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de gurama synçy hökmünde gatnaşýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem Samarkant şäherine geldiler. Şeýle-de ýokary derejeli duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň we bu köptaraplaýyn düzümiň beýleki ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Sammitiň gün tertibine ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ulag, innowasiýalar, ekologiýa, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk getirmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça Samarkant Beýannamasynyň kabul edilmegine, şeýle-de beýleki möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. 


03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......