Samarkantda TDG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 11.11.2022 08:40
  • 13k+

Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda Samarkantda Guramanyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem TDG-niň Baş sekretary, TURKSOY, TurkPA, Halkara türki akademiýanyň, Türki medeniýetiň we mirasyň Halkara gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri hem-de Guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklar babatda pikir alyşdylar, şeýle hem 11-nji noýabrda Samarkantda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň barşynda gol çekmäge hödürlenjek resminamalaryň taslamalaryna garadylar.


şu gün 12:11
7.5k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......