TmCars «Türkmentel — 2022» halkara sergisine gatnaşýar

  • 10.11.2022 14:38
  • 23k+

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu iri möçberli çärä internet ulanyjylarynyň ýörgünli portaly bolan TmCars hem gatnaşýar.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň XV gözden geçirişinde TmCars gyzyklanma bildirýänleri öz hyzmatlary bilen tanyşdyrýar.
TmCars ýurdumyzyň belli awtomobil portaly bolup, eýýäm ençeme ýyldan bäri ulanyjylaryň isleglerini nazara alyp, internet söwdasy, mahabat boýunça hyzmatlary hödürläp gelýär. Mahabatyň, şol bir wagtda telekeçilik işiniň öňe ilerledilmegi üçin oňat mümkinçilikleri döredip berýän TmCars-nyň 1 milliondan geçýän ulanyjylary bar.

Türkmenistanda resmi taýdan bellige alnan TmCars portalynda eýýäm birnäçe ýyldan bäri «Habarlar» bölüminiň hem  hereket edýändigi bellärliklidir. Iki dilde — türkmen we rus dillerinde hereket edýän bu bölümde ýurdumyzyň hem-de dünýäniň möhüm täzelikleri, peýdaly maglumatlar berilýär. «Hem täze, hem tiz» şygar bilen hereket edýän TmCars – Habarlar bölüminde islendik okyjy özüni gyzyklandyryp biljek makalalardyr täzelikleri tapyp biler.
Belläp geçsek, TmCars «Türkmentel» sergisine ilkinji gezek gatnaşmaýar. Öň, TmCars 2019-njy ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmentel — 2019» atly ХII halkara sergisine hem gatnaşypdy.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......