COP27-ä gatnaşyjylar Halkara gurakçylyga durnuklylyk birleşiginiň döredilendigini yglan etdiler

  • 09.11.2022 13:17
  • 4.5k+

Tas 50 döwletiň we guramanyň liderleri BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 27-nji konferensiýasynda (COP27) ýurtlaryň geljekde gurakçylyga has gowy taýýarlyk görmegine kömek etmek üçin Halkara gurakçylyga durnuklylyk birleşiginiň döredilendigini yglan etdiler. Bu barada russian.news.cn habar berýär.

Senegal we Ispaniýa tarapyndan teklip edilen bu birleşik BMG-niň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça anyk çözgüdi hökmünde döredilýär diýlip, täze gurluşyň beýanynda aýdylýar.

“Birleşigiň wezipesi ýerleri gurakçylyga we howanyň üýtgemegine has durnukly etmek üçin syýasy itergi bermekden ybarat” – diýip, Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes we Senegalyň prezidenti Maki Sall bilelikde aýtdy.

Beýandan birleşigiň onuň işine goldaw bermek we goşmaça serişdeleri çekmek prosesini işjeňleşdirmek üçin täze syýasy borçnamalar, şol sanda Ispaniýa tarapyndan wada berlen 5 mln ýewro /5,01 mln ABŞ dollary/ möçberinde başlangyç gazna bilen berkidiljekdigi gelip çykýar.
Beýanda guramanyň esasy maksatlarynyň hataryna sebit başlangyçlarynyň jebislenmegine ýardam etmegiň, çaltlaşdyrylan innowasiýa alyş-çalşynyň, tehnologiýalary geçirmegiň we serişdeleri mobilizlemegiň hem degişlidigi bellenilýär.
Mundan başga-da, birleşik gurakçylyga durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işlerden ýokary peýda gazanmak üçin BMG-niň Baş sekretary we Bütindünýä Meteorologiýa guramasy tarapyndan başlanan irki duýduryş ulgamlary bilen ählumumy gurşawy üpjün etmek başlangyjy we dürli sebit başlangyçlary ýaly beýleki platformalar bilen hem hyzmatdaşlyk eder.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...