Hemiltona “Braziliýanyň hormatly raýaty” ady berildi

  • 10.11.2022 13:00
  • 8.9k+

«Formula-1-iň» ýedi gezek çempiony, «Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton Braziliýanyň hormatly raýaty boldy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Ýagny, Hemilton 2021-nji ýylda Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazanandygy üçin şeýle hormata mynasyp boldy. Ýaryş tamamlanandan soň ol üç gezek dünýä çempiony Aýrton Sennanyň tuwulgasyny geýip, elinde Braziliýanyň baýdagy bilen ýoldan geçip gitdi.

“Meniň üçin bu ýerde bolmak we Braziliýanyň hormatly raýaty bolmak uly sylagdyr. Özümi, ahyrsoňy, siziň biriňiz ýaly duýýaryn. Braziliýa gaýdyp gelmek meni hemişe ruhlandyrýar, sebäbi bu ýerde meniň göreşýän gymmatlyklarymyň ugrunda göreşýän adam köp” – diýip, Hemilton Braziliýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň mejlisinde aýtdy.

Hemilton “Mersedesde” 2007-nji ýyldan bäri çykyş edýär, britaniýaly sürüji “Formula-1-de” ýedi çempion titulyna eýe boldy, olaryň soňkusyny 2020-nji ýylda gazandy. Geçen möwsüm Hemilton ikinji boldy, häzirki çempionatda bolsa möwsümiň ahyryna iki tapgyr galanda sürüjileriň sanawynda bäşinji orunda barýar.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....