Hytaý ýanwar-oktýabr aýlarynda gazyň importyny 10,4% kemeltdi

  • 09.11.2022 12:01
  • 6.4k+

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa tebigy gazyň importynyň göwrümi ýyllyk hasaplamada 10,4% kemelip, 88,74 mln tonna boldy, nebit bolsa 2,7%, ýagny 413,53 mln tonna çenli kemeldi. Bu barada duşenbe güni HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Pudagyň saýtynda çap edilen maglumatlara laýyklykda, agzalan döwür içinde gazyň importy bahada aňladylanda 39,6%, ýagny 55,19 mlrd dollara çenli gymmatlady. Nebitiň importy pul hasabynda 46,6%, 302,67 mlrd dollara çenli galdy.
Mundan başga-da, başky on aýda HHR kömrüň importynyň göwrümini 10,5%, 230 mln tonna çenli kemeltdi. Ýangyjyň bu görnüşiniň importy pulda aňladylanda 37,3%, 34 mlrd dollara çenli artdy.
Oktýabr aýynda Hytaýa daşary ýurtlardan 29,18 mln tonna (3,7 mlrd dollar) kömür geldi. Sentýabr aýy bilen deňeşdirilende pul hasabynda ol 6,8%, agramy boýunça bolsa 11,6% azaldy. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....