Britaniýada Karl III-ä täç geýdirmek dessury mynasybetli dynç güni yglan edildi

  • 09.11.2022 11:56
  • 8.4k+

Beýik Britaniýanyň Hökümeti 2023-nji ýylyň 8-nji maýyny resmi ýagdaýda dynç güni diýip yglan etdi. Şonuň iki gün öňýany, ýagny 6-njy maýda Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-e täç geýdirmek dessury geçiriler.

The Daily Telegraph gazetiniň ýazyşy ýaly, şeýle karary Birleşen Patyşalygyň premýer-ministri Rişi Sunak kabul etdi diýip, TASS habar berýär.  

«Täze monarha täç geýdirmek dessury – ýurdumyz üçin üýtgeşik pursat. Şu taryhy waka hormatyň nyşany hökmünde men indiki ýyl tutuş Birleşen Patyşalyk üçin goşmaça bank dynç alyş gününi yglan edýändigime şat» — diýip, hökümet baştutanynyň beýannamasynda aýdylýar.

Şeýlelik bilen, Angliýanyň, Uelsiň, Şotlandiýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň ilatyna indiki ýylyň maýynda goşmaça iki dynç alyş güni berler. Ýene birini aýyň birine bermek meýilleşdirildi. 


27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.3k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6.2k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...