Juda çeýe zarýad beriş ulgamly 62181 «General» rus elektrobusy bilen tanyşdyryldy

  • 08.11.2022 16:48
  • 12k+

Häzirki zaman şäher elektriki ulagyny işläp taýýarlaýjy we öndüriji - "PK Ulag ulgamy" ("PK TC") kompaniýasy özüniň Engels şäherindäki kärhanasynda çekiji batareýalaryň zarýadyny utgaşdyryp doldurýan tehnologiýaly elektrobusy gurdy. Ulag 62181 "General" diýip atlandyrylýar we "Admiral" trolleýbusynyň modeli bilen unifisirlenendir.

Täze elektrobusyň ilkinji görkezilişi 29-njy noýabrda Moskwada geçer.
"Generalda" trolleýbuslary we elektrobuslary öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýalary birleşendir. Täze ulag, ilkinji nobatda, zarýad bermegiň beýleki elektroulag öndürijiler tarapyndan owal ulanylmadyk täsin çözgüde eýedigi bilen gyzyklydyr. Zarýad bermegiň wariantlary köp. Haýal - rozetkadan, dinamiki - tok kabul edijilerden hem-de çalt (ýa-da ultraçalt) - terminallardan. 
Şeýlelikde, täze 62181 "General"-a trolleýbus we tramwaý infrastrukturasyndan, şonuň ýaly-da 380 ýa-da 600 woltluk setiň zarýad stansiýalaryndan zarýad berip bolýar, munuň özi ulag serişdesini şäher gurluşynda eýýäm bar bolan şertlerde ulanmak mümkinçiligini giňeldýär.
62181 "General" tutuş nizkopol ýerine ýetirilen, onuň 37 oturylýan ýeri, giňiş toplaýjy meýdançasynda goşmaça aşakdan ýagtylandyryjysy, üç sany giň gapy ýeri, häzirki zaman multimedia toplumy, mobil gurluşlara zarýad bermek üçin USB-kese deşigi, awtomat ýagdaýda işleýän klimat-kontrol ulgamy bar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......