Gazagystanda IT işgärleriň hünär baýramy döredildi

  • 06.11.2022 09:35
  • 5.4k+

Gazagystanda täze hünär baýramy — Sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalary işgärleriniň güni döredildi. Bu barada ýurduň Premýer-ministriniň Metbugat gullugyna salgylanyp, tengrinews.kz habar berýär. 

Gazagystanda Sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalary işgärleriniň güni 10-njy noýabrda belleniler. Degişli Permana ýurduň Premýer-ministri Alihan Smailow gol çekdi.
Şeýle-de her ýylyň 17-nji maýynda bellenilýän Aragatnaşyk we informatizasiýa işgärleriniň gününiň ady üýtgedilip, ol Aragatnaşyk işgärleri güni diýlip atlandyryldy.
Täze hünär baýramyny döretmek teklibi ulgamyň işgärlerini goldamak maksady bilen, Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi tarapyndan öňe sürüldi. Maglumatlara görä, Gazagystanda sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýänleriň sany eýýäm 155 müňe ýetýär.


19.06.2026 11:22
4.3k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....