10-11-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmentel — 2022» halkara sergisi we maslahaty geçiriler

  • 05.11.2022 08:55
  • 9.6k+

Şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara foruma ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň, bilermenleriniň hem-de işewürleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasion-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen, nobatdaky “Sanly çözgüt — 2022” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan 240-dan gowrak taslamasyny hödürlediler.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......