27 dýumlyk ekranly täze Ford Explorer 2023 tanyşdyryldy

  • 04.11.2022 18:12
  • 12k+

Hytaýda biçak meşhurlyk gazanan täze Ford Explorer 2023 wnedorožnigi ýaňy-ýakynda resmi ýagdaýda tanyşdyrylypdy.  Täze awtoulagyň 10 000 müňden gowragy sargyt edildi. Bu baha kategoriýasynda 47 müň dollardan agdyk bolan lýuks däl daşary ýurt brendleriniň uly we orta wnedorožnikleriniň kategoriýasynda rekord söwdadyr diýip Forduň wekilleri tassykladylar.

Täze Explorer-iň gabarasy 3025 mm teker bazasynda 5063 x 2004 x 1778 mm-dir.
Yzky bölegi hem täze dizaýna eýe boldy. Yzky farlary düýpli üýtgedildi, şeýle-de olary birikdirmek üçin hromlanan nakladkalar ulanylýar. Interýeri hem tutuş täze. Ford wertikal merkezi dolandyryş ekranyndan ýüz öwürdi. Indi awtoulagyň öňdäki ýolagça tutuş görünýän diagonaly 27 dýumlyk äpet ekrany bar.
Awtoulagyň 6 orunluk we 7 orunlyk modeli bar, 6 orunlyk modeli ikinji hatarda elektriki dolandyryşy goldaýar. Awtoulag 2,3 litrlik turbaüfleýjili dört silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, ol aňrybaş kuwwaty 276 a.g. we aňrybaş aýlanýan pursady 425 HM ösdürip bilýär    


31.08.2023 11:47
7.2k+

Ford elektrikli awtoulaglary çykarmagyň hatyrasyna ýene üç modelini önümçilikden aýrar

Ford konserni ýene üç model - Escape we Edge krossowerleri, şeýle hem Transit Connect awtoulagy bilen hoşlaşmaga taýynlanýar. Automotive News-iň ýazmagyna görä, şeýle etmek bilen, konsern elektrikli ulaglaryň önümçiligini giňeltmek...

26.04.2022 17:39
6k+

Ford üç gapyly Fiesta hetçbeginiň önümçiligini bes edýär

Ford amerikan konserni üç gapyly Fiesta awtomobiliniň hem-de Fiesta-nyň esasyndaky täjirçilik furgonynyň önümçiligini bes edýär. Bu barada Britaniýanyň AutoExpress awtomobil žurnaly habar berýär. “Ford müşderilere...

düýn 11:18
3.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......