Ford elektrikli awtoulaglary çykarmagyň hatyrasyna ýene üç modelini önümçilikden aýrar

  • 31.08.2023 11:47
  • 7.2k+

Ford konserni ýene üç model - Escape we Edge krossowerleri, şeýle hem Transit Connect awtoulagy bilen hoşlaşmaga taýynlanýar. Automotive News-iň ýazmagyna görä, şeýle etmek bilen, konsern elektrikli ulaglaryň önümçiligini giňeltmek üçin serişde we önümçilik kuwwatyny boşatmak isleýär. Şol bir wagtyň özünde, Ford elektrik çekişine geçmek bilen uly ýitgiler çekmegini dowam etdirýär.

Ford ýene Model e elektrik bölüminiň 2023-nji ýylda getirjek ýitgilerini gaýtadan hasaplady. Mart aýynda olaryň bahasy 3 milliard dollar diýlip çaklanyldy, täze çaklama onuň üstüne ýene 4,5 milliard dollar goşdy. Mundan başga-da, önümçilik meýilnamalaryna täzeden seredildi. Bu konserniň önümçiliginiň  indiki ýyldan başlap ýylda 400 000 elektrik awtoulagynyň derejesine ýetmegine garaşylýar, ýöne indi möhlet biraz yza süýşürildi.
Şeýle-de bolsa, Ford elektrik bölüminiň girdeji gazanyp başlamagyna garaşýar - eýýäm 2026-njy ýylda girdejisi 8% bolmaly. Bu önümçilikde we bölekleýin satuwda arzan elektrik awtoulaglarynyň täze nesliniň hasabyna gazanylar. Ford, meselem, batareýa bilen işleýän pikapyň we uly krossoweriň üstünde işleýär.
Häzirki modeller barada aýdylanda bolsa, Oakwilledäki zawodynda kuwwatyny boşatmak üçin Ford Edge-i çykarmak bes ediler. Eýýäm geljek ýyldan başlap Transit Connect ABŞ-yň bazaryny terk eder - onuň ornuny döwrebaplaşdyrylan elektrik ulagy alar. Ford -yň Escape -iň täze neslini ösdürmek niýeti ýok.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......