Aşgabatda awtoulag we gurluşyk gurallaryny hödürleýän täze brend dükany açyldy

  • 04.11.2022 12:59
  • 19k+

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk harytlary bazarynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy brendleriniň sany barha artýar. Ine, ýakynda Aşgabatda ýokary hilli gurluşyk hem hojalyk gurallarynyň söwdasy bilen meşgullanýan dünýä belli «YATO» brendiniň dükany açyldy. G.Kulyýew (Obýezdnoý) köçesiniň ugrunda «Ak Aýna» binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän bu dükanda müşderilere awtoulag we gurluşyk gurallarynyň 10 müňden gowrak görnüşi hödürlenilýär.

YATO kompaniýasynyň taryhyndan
YATO kompaniýasy 2003-nji ýyldan bäri gurallary öndürmek bilen meşgullanyp gelýän Polşadaky kompaniýadyr. YATO el gurallary bolşy ýaly, elektrogurallarynyň hem giň toplumyny hödürleýär.
Gysga wagtyň içinde YATO brendi dünýä bazarlarynda hem giňden ornaşdy. Brendiň halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri dünýäniň 42-den gowrak ýurdunda, şol sanda Germaniýada, Belarusda, Ukrainada, Hytaýda, Ispaniýada satylýar.

«YATO — professionallar üçin niýetlenen brend» şygary astynda hereket edýän kompaniýa öý ussasy, awtoulagy bejermek we beýleki zerurlyklar üçin niýetlenen gurallaryň ählisini özünde jemleýär. Baha we hil gatnaşygy babatda aýdylanda YATO bu iki görkezijiniň ýerine düşen brendi hökmünde alyjylaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy.
YATO brendi astynda, esasan, ussaçylyk, bagbançylyk gurallary, ölçeg tehnikalary, elektroenjamlar we köp sanly beýleki gurallary hödürlenilýär.
Ygtybarlylyk we uzakmöhletleýinlik — brendiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri.
YATO brendiniň Aşgabatdaky dükanynyň hünärmenleri gurallary saýlamak, olary ulanmak babatda gymmatly maslahatlaryny bererler.
Brend Aşgabat şäheriniň içine eltip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.
Hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:  +99365 614-614
Salgysy: G.Kulyýew köçesi, 11, «Ak aýna» binasynyň 2-nji gaty
Tik-Tok: yato_tm_
Instagram: yato_turkmenistan

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......