Saud Arabystany elektromobil önümçiligi boýunça ilkinji brendini döretdi

  • 04.11.2022 18:16
  • 9.3k+

Saud Arabystany patyşalykda elektromobil önümçiligine ýöriteleşen “Sir” ilkinji awtomobil brendini döretdi. Bu barada patyşalygyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Saud Arabystany şu gün diňe bir täze awtomobil markasyny däl, eýsem doly derejeli senagat pudagyny döredýär” – diýip, Saud metbugat agentligi onuň sözlerini getirýär.

Maglumatlara görä, “Sir” hem içerki sarp edijiler üçin, hem Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna satmak üçin awtomobil öndürer. Bu taslamanyň 150 mln dollar möçberinde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, 30 müň töweregi iş ornuny döretmegine, girdejililiginiň bolsa 2034-nji ýylda 8 mlrd dollar bolmagyna garaşylýar.
“Sir” Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasynyň we Taýwanyň Foxconn elektronika öndürijisiniň bilelikdäki taslamasydyr, ýöne her bir awtomobil diňe patyşalygyň çäginde dörediler. Öndürilen ulag serişdeleriniň dünýä ülňülerine laýyklykda synaglary hem şol ýerde geçiriler.
Saud Arabystany tarapyndan öndürilen ilkinji elektromobil eýýäm 2025-nji ýylda satuwa çykarylar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......