Alymlar dünýädäki has kislotaly ummany aýtdylar

  • 04.11.2022 12:28
  • 13k+

Szimeý uniwersitetiniň Polýar we deňiz gözlegleri institutynyň halkara alymlar topary Demirgazyk buzly ummanyň kislotalanmagynyň beýleki ummanlara garanyňda üç-dört esse çalt bolup geçýändigini kesgitlediler. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu Demirgazyk buzly ummany has kislotaly ummana öwürýär. Gözleg toparynyň işleri “Science” žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Topar 1994-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Demirgazyk buzly umman boýunça 47 gözleg kruiziniň dowamynda ýygnalan umman karbonatlary baradaky maglumatlary topladylar. Gözlegleriň netijesinde howanyň üýtgemegi we deňiz buzunyň soňraky yza çekilmegi sebäpli ilkibaşda buz örtügi bilen örtülen deňiz suwunyň köp böleginiň atmosferanyň täsirine sezewar bolýandygy anyklanyldy. Bu hem ummanyň güýçli kislotalanmagyna getirýän atmosfera CO₂-niň çalt siňdirilmegine ýardam etdi.
Alymlar deňiz buzunyň işjeň yza çekilýän has ýokary giňişliklerinde pH-niň mundan beýläk hem peseljekdigini çakladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, eger bu prosesi saklamasaň, kislotalanma arktiki ekoulgamyň ýok edilmegine getirer.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....