Toyota II maliýe çärýeginde arassa girdejisini 31% azaltdy

  • 04.11.2022 12:22
  • 10k+

Ýaponiýanyň Toyota Motor awtoöndürijisi häzirki maliýe ýylynyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 31% azaltdy, bu bazar çaklamalaryndan hem ýaramazdyr diýip, interfax.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýa girdejisini 22% ýokarlandyryp, tutuş maliýe ýyly üçin çaklamasyny gowulandyrdy.
30-njy sentýabrda tamamlanan maliýe çärýeginde arassa girdeji bir ýyl ozalky 626,65 mlrd ýena bilen deňeşdirilende, 434,26 mlrd ýena ($2,92 mlrd) boldy. Hünärmenler ortaça bu görkezijiniň 712,38 mlrd ýena derejesinde bolmagyna garaşypdylar.
Kompaniýanyň çärýek girdejisi 9,218 trln ýena ýetdi. Operasion girdeji 25%, 562,789 mlrd ýena çenli peseldi. Toyota awtomobilleriniň satuwy geçen çärýek bir ýyl ozalky 2,51 mln awtomobilden 2,63 mln awtomobile çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň habarynda ýarym geçirijileriň ýetmezçiliginiň önümçilige ýaramaz täsir edendigi we girdejiniň azalmagynyň materiallaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Toyota häzirki maliýe ýylynda arassa girdejiniň 17%, 2,36 trln ýena çenli azalmagyna garaşýar. Kompaniýa girdejiniň ösüşi baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy we indi görkezijiniň 15%, 36 trln ýena çenli ýokarlanmagyna garaşýar. Bu döwürde kompaniýa henizem 10,7 mln awtomobil satmagy göz öňünde tutýar.
Toyota-nyň paýnamalary sişenbe güni söwdada 1,9% arzanlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 4,1%, 28,12 trln ýena çenli peseldi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......