Halk Maslahatynyň Başlygy RF-niň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen gepleşikleri geçirdi

  • 03.11.2022 00:07
  • 10k+

2-nji noýabrda Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy.

Wýaçeslaw Wolodin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan ägirt uly goşandyny belledi.  
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini hem-de wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanunçykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga oňat esas bolýan mümkinçilige şatdygyny belledi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns çekildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem ylym-bilim ulgamyny döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Sport, ýaşlar syýasaty, gender deňligi meseleleri türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyndaky duşuşyk tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow «Maýendorf» döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary dowam edýär.


03.05.2026 12:23
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......