Toyota önümçilik boýunça ýyllyk meýilnamasyny ýerine ýetirip bilmejekdigini boýun aldy

  • 02.11.2022 22:10
  • 14k+

Toyota şu ýyl ulag öndürmek boýunça öz öňde goýan meýilnamasyny amal edip bilmezliginiň mümkindigini üpjün edijilerine duýdurdy. Bu barada kompaniýanyň içindäki çeşmelere salgylanýan Reýter agentligi ýazýar.

Olaryň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň martynda tamamlanjak maliýe ýylynyň aýagyna çenli öňde goýlan maksadyň görkezijisi indi 9,5 mln awtoulag bolup durýar, ilkibaşky meýilleşdirileni bolsa 9,7 mln ulagdy.
Grafikden gijä galynmagynyň sebäbi, ozalkysy ýaly, başy pandemiýa döwründen başlanan elektron bölekleriň gytçylygy bilen baglydyr. Mundan hem başga, öňde goýlan maksadyň görkezijisi elektrotehniki poladyň üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäpli hem ýene peselip biler. Toyota ony Günorta Koreýanyň üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda taýfun sebäpli zyýan çeken POSCO kompaniýasynyň zawodyndan satyn alýar. Ýöne barybir jemleýji netijeler geçen ýylyň görkezijilerinden ýokary bolmaly: 2022-nji ýylyň mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynda Toyota 8,6 mln ulag goýberdi.       


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......