Bloomberg dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawyny düzdi

  • 02.11.2022 12:51
  • 19k+

Bloomberg dünýäniň iň baý maşgalalarynyň ýyllyk reýtingini düzdi. Sanawda Uoltonlaryň maşgalasy bassyr dördünji ýyl birinji orny eýeledi. Dünýädäki iň uly lomaý we bölek söwda ulgamy bolan Walmart bu maşgala degişlidir. Agentlik maşgalanyň baýlygyny 224,5 mlrd dollar bilen bahalandyrdy, bir ýylda ol 13,7 mlrd dollar azaldy.

Walmart 1962-nji ýylda ýylda Sem Uolton tarapyndan esaslandyryldy. Häzir tutuş dünýä boýunça dükanlaryň sany 10,5 müňden geçýär. Kompaniýanyň girdejisi 573 mlrd dollara barabar. Uoltonyň maşgalasy ulgamyň paýnamalarynyň 47%-ine eýeçilik edýär.
Iň baý maşgalalaryň onlugyna aşakdakylar hem girdi:

  • - Mars konditer önümlerini öndürijiniň eýesi bolan Mars maşgalasy - $160 mlrd (bir ýylda +$18 mlrd);
  • - Koch Industries nebithimiýa korporasiýasynyň eýesi bolan Koh Maşgalasy – $124,4 mlrd (+$4,4 mlrd);
  • - Saud şa maşgalasy Al Saud - $105 mlrd (+$5 mlrd);
  • - Hermes fransuz moda öýüniň eýesi bolan Erme maşgalasy - $94,6 mlrd (-$17 mlrd);
  • - Reliance Industries nebiti öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça holdingiň eýesi Ambani maşgalasy - $84,6 mlrd (-$9,1 mlrd);
  • - Chanel moda öýüniň eýesi bolan Werthaýmer maşgalasy - $79 mlrd (+$17,2 mlrd);
  • - Cargill oba hojalyk kompaniýasynyň eýesi bolan Kargill maşgalasy - $65,2 mlrd;
  • - Reuters habarlar agentliginiň gözegçilik bukjasyna eýe bolan Tompson maşgalasy - $61,2 mlrd;
  • - Roche Holding farmasewtik kompaniýasynyň minoritar eýesi bolan Hoffman maşgalasy - $45,1 mlrd.

Reýtinge jemi 25 maşgala girdi. Agentligiň maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý 25 maşgalasynyň umumy baýlygy 1,5 trln dollara barabar bolup, bu bir ýyl ozalkydan $143 mlrd azdyr. Şol bir wagtyň özünde, agentlik Rokfellerler ýaly käbir aşa baý adamlaryň baýlygynyň hasaba alynmaýandygyny, sebäbi olaryň aktiwlerini “yzarlamagyň örän kyndygyny” belleýär.

25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.4k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......