Daniil Medwedew Wenada ATP-500 tapgyrynyň ýaryşynda ýeňiş gazandy

  • 01.11.2022 13:52
  • 3.4k+

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Wenada ATP-500 kategoriýaly turniriň finalynda Kanadanyň wekili Denis Şapowalowy utdy. Duşuşygyň netijesi — 4:6, 6:3, 6:2.

Medwedew dünýäniň dördünji raketkasy hasaplanýar, Şapowalow Tennisçi-professionallaryň assosiasiasynyň (ATR) reýtinginde 19-njy setiri eýeleýär. ATP-niň bu tituly 26 ýaşly Medwedew üçin ýekelikdäki razrýadda hasap boýunça 15-nji boldy. Medwedewiň 13-20-nji noýabr aralygynda Turinde geçjek ATP-22-niň Jemleýji turnirine kwalifisirlenendigi golaýda belli boldy.
23 ýaşly Şapowalow — ATP-niň (ATP-250) ýekelikdäki razrýadda bir turniriniň, ýuniorlaryň Uimbldon-2016-synyň, Kanadanyň ýygyndysynyň düzüminde ATP-22-niň Kubogynyň ýeňijisi.
Awstriýadaky ýaryşyň baýrak gaznasy 2 mln 349 müň ýewrodan gowrak boldy. Titula eýe bolan türgen 439 müň ýewrodan gowrak pul we ATP-niň reýtinginiň hasabynda 500 utuk alar.


21.04.2026 14:50
4.6k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

14.04.2026 16:36
1.6k+

Sinner Monte-Karlodaky ýaryşda Alkarasy utup, ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orny eýeledi. Täzelenen sanaw duşenbe güni guramanyň saýtynda çap edildi....

30.03.2026 20:41
2.2k+

Ýannik Sinner we Arina Sobolenko Maýamidäki ýaryşyň ýeňijileri boldy

Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär....