Lula da Silwa Braziliýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 31.10.2022 13:48
  • 5.6k+

Braziliýanyň öňki prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa döwlet baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy, muňa saýlaw iş toparynyň brazil HBS-i tarapyndan çap edilen maglumatlary şaýatlyk edýär.

Býulletenleriň 99%-den gowragynyň işlenmegi netijesinde Lula da Silwanyň sesleriň 50,85%-ni alandygy mälim boldy. Häzirki prezident Žair Bolsonaru sesleriň 49,15%-ni aldy. Indi, HBS-niň belleýşi ýaly, Bolsonarunyň bäsdeşinden öňe geçmek mümkinçiligi ýok.
Şunlukda, Lula da Silwa öz syýasy karýerasynda eýýäm üçünji gezek prezident saýlawynda ýeňiş gazanýar. Ýekşenbe güni saýlawlaryň üçünji tapgyry geçdi. Onuň öň ýany geçirilen pikir soraşmalar saýlawlarda hut çepçileriň oppozisiýasyndan Lula da Silwanyň ýeňmelidigini görkezdi. Bolsonaru bolsa sagçy syýasy güýçleriň wekili.
2-nji oktýabrda geçen birinji tapgyryň netijeleri boýunça braziliýalylar sesleriň 43,2%-ni ýurduň häzirki prezidenti Bolsonaruwa we 48,4%-ni bolsa 2000-nji ýyllaryň başynda we ortalarynda sosial-ykdysady özgertmeleri bilen braziliýalylaryň  ýadynda galan Lula da Silwa berdiler.


08.06.2026 15:17
3.6k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

03.04.2026 14:35
1.5k+

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......