Polşanyň Prezident saýlawlarynda Karol Nawroskiý ýeňiş gazandy

  • 02.06.2025 12:53
  • 3.5k+

Polşada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijesine görä, oppozision konserwatiw partiýa bolan «Hukuk we adalat» partiýasynyň dalaşgäri Karol Nawroskiý sesleriň köplügini aldy. Bu barada «Gazeta Wyborcza» habar berýär.

Döwlet saýlaw komissiýasynyň sesleriň 100%-ini hasaplanyndan soňky maglumatlaryna görä, Nawroskiý sesleriň 50,89%-ini alyp, ýeňiji boldy. Onuň garşydaşy, häkimiýet başyndaky «Raýat koalisiýasy» partiýasynyň wekili we Warşawa şäheriniň häkimi Rafal Tşaskowskiý bolsa 49,11% ses aldy.
42 ýaşly Nawroskini 10,23 million raýat goldady. Ses berişlige gatnaşygyň derejesi 71,7% boldy.
Karol Nawroskiý – Polşada kommunizme garşy göreş boýunça ýöriteleşen taryhçy. Ol 2021-nji ýyldan bäri Milli ýatlama institutyna ýolbaşçylyk edip gelýär.
Karol Nawroskiý Prezidentlik wezipesinde partiýadaşy Anjeý Dudanyň ornuny tutar. Dudanyň ygtyýarlyklary awgust aýynda tamamlanýar. Ol 2015-nji ýyldan bäri iki möhlete Prezidentlige saýlandy, şol sebäpdenem üçünji gezek dalaş edip bilmeýär.
Polşada Prezident esasan dabaraly (seremonial) ygtyýarlyklara eýedir, emma ol parlament tarapyndan kabul edilen kanunlara weto (gadaganlyk) goýup bilýär.


16.03.2026 14:21
2.4k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.5k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
5.9k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...