Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirdi

  • 30.10.2022 14:29
  • 15k+

29-njy oktýabr Halk Maslahatynyň Diwanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlis geçirildi

Mejlise Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiň ýolbaşçylary we agzalary, şeýle hem mejlise çagyrylan beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň başlygy çykyş edip, häzirki döwürde milli parlamentiň alyp barýan işiniň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şunda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, kanunçykaryjylyk işini döwrebap derejede kämilleşdirmek we parlament ulgamynda ösen halkara tejribesini öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenilip,  bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesiniň toplanylandygy nygtaldy.


25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

18.06.2026 10:26
815

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......