Noýabr aýynda Türkmenistanda köp sanly iri çäreler geçiriler

  • 29.10.2022 11:55
  • 20k+

Noýabr aýy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda möhüm wakalara baý bolar. Bu aýda geçiriljek çäreleriň maksatnamasy barada Hökümetiň 28-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Hususan-da, baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stol” söhbetdeşliklerini, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary, spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Noýabr aýynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2022” atly halkara sergi we ylmy maslahat, “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler.
Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabr aýynda geçiriljek beýleki halkara çäreleriň hatarynda bolar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow noýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni çäreleriň türkmen jemgyýetiniň depginli ösüşindäki ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......