Türkmenistanda geçirilen 500 adamlyk ekologiýa seminary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip bilner

  • 29.10.2022 08:19
  • 41k+

28-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.

Daşky gurşawa aýawly garamak Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talapdyr. Şu günki okuw sapagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäriniň miweli baglaryň we üzümçilikleriň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň daş-töwereginiň ekologik ýagdaýyna edýän täsiri baradaky çykyşy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ahal welaýatynda-da üzümçiligiň we miweçiligiň gadymy däpleri dowam etdirilýär. Bu sebitiň ýerli toprak-howa şertleri üzümiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň üzümçilikleriniň aglaba bölegi bu ýerde ýerleşendir. Okuw sapagynda üzümi ösdürip ýetişdirmäge we oňa ideg etmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Bol hasyl almak üçin her bir ýagdaýy, şol sanda üzümiň her bir görnüşiniň tapawutly aýratynlyklaryny, ony ýetişdirmegiň usullaryny hasaba almak, degişli agrotehniki kadalary berk berjaý etmek zerurdyr.
Bulardan başga-da, bu ýere ýygnananlar miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň esaslary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, erik bilen şetdalyny sapmak usuly görkezildi. Bu işiň maksady bir ösümligiň baldagyny beýleki ösümligiň baldagynda ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň netijesinde agaçlaryň hasyllylygy ýokarlanýar, miweleriniň tagamy gowulanýar.
Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň “gara kişmiş” görnüşiniň  500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......