Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

  • 29.10.2022 08:19
  • 15k+

30-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

“Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri hasaplanýan türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Olaryň dünýädäki meşhurlygy barha artýar” diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, täze derejelere çykarmaga uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda bu örän möhüm pudak üçin ýörite hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertler   

“Gadymy türkmen topragynda merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz il-günümiziň köňül buýsanjydyr” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.


düýn 01:36
4.4k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
7.1k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....