Meta çärýek girdejisini iki esse azaltdy

  • 28.10.2022 23:11
  • 2.8k+

2022-nji ýylyň III çärýeginde Meta Platforms arassa girdejisini iki esse azaltdy. Iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 9,19 mlrd dollar ýa-da paý üçin 3,22 dollar bilen deňeşdirilende, 4,39 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,64 dollar boldy. Bu barada Interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň çärýek girdejisi bir ýyl ozalky 29,01 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 27,71 mlrd dollara çenli peseldi. Şu çärýek bolsa girdejiniň 30-32,5 mlrd dollar bolmagyna garaşylýar.
Iýul – sentýabr aýlarynda mahabat girdejileri bir ýyl ozalky 28,28 mlrd dollardan 27,24 mlrd dollara çenli azaldy.
Facebook sosial ulgamynyň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany ýylyň dowamynda 3% ýokarlanyp, sentýabryň ahyrynda 1,98 mlrd adama ýetdi. Sosial ulgamdan, iň bolmanda, aýda bir geek 2,96 mlrd adam peýdalanýar, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 2% köpdür.
Geçen çärýek Meta 6,55 mlrd dollara öz paýnamalaryny satyn aldy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 61,4%, 369,6 mlrd dollara çenli peseldi.


25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.3k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...